Biz barada

Oteller – onlaýn otel bron etmek ulgamy, innowasion sanly tehnologiýalar boýunça tejribeli ýerli hünärmenler tarapyndan işlenip taýýarlandy. Mobil hem-de web görnüşde müşderilere ýurduň çäginde islendik otel onlaýn görnüşde orun bron etmäge we elektron görnüşde tassyknama almaga mümkinçilik berýär.

"Oteller" ulgamy, "SmartHotel" (smarthotel.com.tm) myhmanhana dolandyryş ulgamy bilen integrasiýaly işlemek bilen, myhmanhanalaryň hem sanly usulda dolandyrylmagyna uly kömek berýär.

Maglumat howpsuzlygy, Oteller ulgamynyň infrastrukturasynyň özeni bolup durýar. Ulgama degişli ähli serwer enjamlary ýerli edaralarda saklanmak bilen, müşderileriň we myhmanhanalaryň maglumatlary ýurdumyzyň çäginden çykarylmaýar.

"Oteller" myhmanhana bron etmek ulagymynyň käbir aýratynlyklary:

  • Aňsat we ýeňil interfeýs
  • Netijeli bron etmek hyzmaty
  • Ulanyjylar üçin yzygiderli tehniki goldaw